Badam agajynyň täze görnüşler
"Munuň gymmatlygy örän ýokary – bizde şu wagt gowy durnuklylygy, süýji miweleri we güllemäniň giçki döwri bolan köki sapylmadyk süýji badamyň 11 sortlary bar."

Dostlar, kärdeşler!

Siz bilen biziň şu ýylda bagymyzdaky uly sowgat bilen paaýlaşasym gelýär, hakykaty ýazan Hudaýyň ýoly täsin. Häzir gürrüň berjek:

Biz hemişe 17 gektar ýeri kärendesine alýarys. Emma ilki bilen, 2005-nji ýyldan biz birinji meýdanda uzak wagt işledik, topragy barladykm suw gözledik, dürli bagçylyk medeniýetleri we toprakda peýdaly biotlary ýokarlandyrmagyň we ony saklamagyň usullaryny synagdan geçirdik. Biz başdan başlandygymyz sebäpli (biz gözegçilik edilýän seçimi we Birleşigiň dargamagy bilen ekin serişdeleriň hilini saklamak boýunça ulgamy ýitirdik), biz saklanan goraghanalarda we baglarda bar bolan Köpetdagyň ýerli medeni-endemikleri bilen işlemäge çemeleşdik. Badam – iň gymmatly medeniýetleriň biri; olaryň sortlary bolsa, ýerli şertlere durnukly (toprak, gyzgyn we gury howa). Munuň ýaly barlaglar üçin birinji 7 gektardan biz 2,2 gektary goýduk, bu ýerde tebigy şertleri döretdik we ýerli agaçlary ekdik.

12 ýyldan gowrak biz bu şertleri saklamaga çalyşdyk we şu ýyl örän wajyp waka boldy – aýaz ir gülleýän sortlary ýok etdi, 3 hepde giç gülleýän sortlar bolsa, miweli galdylar we bu gurakçylyga örän çydamly agaçlar, olar zäherli ýaşyl zykgeçde ösen – toýunyň we ýaş gumdaşyň garyndysy, pH takmynan 8 bolan örän garyp aşgar topragy. Munuň gymmatlygy örän ýokary – bizde şu wagt gowy durnuklylygy, süýji miweleri we güllemäniň giçki döwri bolan köki sapylmadyk süýji badamyň 11 sortlary bar. Men biziň bu işi netije aljakdygymyzy bilman edendigimi barada aýtmakçy. Şeýle hem, munuň ýaly netije – uly bagt. Biziň ýerli bagçylygymyz üçin hem örän, örän uzak garaşylan hadysa! Häzir bizde suwarmaga, topraga we goşmaça döküne uly harajatlary etmezden, hojalyk işine örän gowy laýyk gelýän sort bar. Bu ägirt uly gazanma, men öwünmeýärin, men muny paýlaşýaryn.

Biz hemmämiz bilelikde bu sortlara at bermegi isleýärin. Ýakyn wagtda sowalnamany goýbermekçi – goý, olar BIZIŇKI bolsun. Goý, olaryň atlary biziň ýurdumyzda ýaşaýan, ony goraýan we onuň taryhyna – ÄHLI taryha hormat goýýan biziň ählimizi beýan etsin. Biziň teswirnamalarymyzda atlary hödürläň – men olary aşakdakylar hökmünde beýan ederin:

Ählisiniň özenleri gaty, gitirdik (10), birinden başga – bir – ýagly (1).

Olaryň ikisi aýdyň badam tagamy bilen (2).

Biriniň krony gowşak, hasyly bolsa köp (1).

Biri – örän güýçli, şahalary bölünmeýär, uzyn we güýçli (1).

Siziň biziň toparymyza gaýgyňyz, dilegleriňiz we arzuwlaryňyz üçin örän minnetdar!

Sort üçin meniň hödürlejek ilkinji adym – Hakyk (serdolik). Size Ahal jülgesiniň öz adyny alan taýpa – ohla taýpasyndan Aba barada ozaldan bäri gürrüň bermekçidim.

Ohla taýpasynyň öz şöhraty bar, bu taýpanyň ajaýyp taryhlarynyň biri Aba ohla bilen baglanyşykly. Ol adatlar barada, abraý barada, ohla yaýpasynyň abraý şöhraty bilen deňeşdirilende onuň garakçylyk şöhratynyň hiç zatdygy barada we pikirleriň päkliginiň hatda ýaş ýigitlere hem adalatly hereket etmäge güçý we akyl berýändigi barada we abraýdan we mertebeden alnan gaýradyň beýik, emma ruhy taýdan hökümdarlary kowan ordalara, goşunlara we tabyn bolanlara garanyňda dünýä adamlary üçin örän köp işleri edýändigi barada gürrüň berýär.

Ahal – nesliiň namys-arynyň weony saklamak üçin ähli zatdan geçmäge taýýardygynyň nyşany. Aba ohlanyň eden işlerini beýan etmek bilen, ýazyjy Hasan-bek Rumlýu türkmenleriň söweşen we ýaşan şertlerini gürrüň bermek bilen, serdoligi gyzgynyň we gurakçylygyň görkezijisi hökmünde ulanýardy, “Ol çöllüklerde bugdab günüň gyzgynyna sümmülinde ýanýardy we içýanyň ýitiligi serdolik ýaly bolýardy (gaty).”

Sortlaryň täze görnüşleriniň biri – örän gaty gabykdaky miwe, kiçi, emma örän süýji, ony tagamyndan lezzet almak bilen, uzak çeýnemäge isleg bildirýärsiň. Agajyň özi göze ilmeýän, ýapraklary kiçi, şahalary inçe... Bu sorty Hakyk diýip atlandyralyň!

читать на русском