Esaslar - Mikoriza


Mikoriza – bu kömelegiň we köküň özara bähbitli arkalaşygy. Grek mykes – kömelek we rhiza – kök sözünden gelip çykýar.

Ýagny mikoriza – bu, kömelekleriň we ösümlikleriň kökleriniň arasyndaky özboluşly simbioz. Bu simbiozyň ösümligiň ýokumlylygy üçin ägirt wajyplygy bar. Ähli ýapyk tohumlylaryň 90% mikorizany döredýärler.


Bu arkalaşyk näme bilen bähbitli?

“Arkalaşyga” girmek bilen, kömelek we kök biri-birine oňaýly ýaşaýyşy üpjün edýär.

 

Fotosinteziň kömegi bilen ösümlikleriň köklerinde uglewodlar toplanýar, olar bilen ösümlikler kömelekler bilen paýlaşýarlar. Öz gezeginde, kömelek kökleri koloniýalaşdyrmak bilen, ösümligiň we topragyň arasynda araçy bolup çykyş edýär. Ösen kömelek şitilhanasy ösümligiň köküniň siňdiriji üstüniň umumy göwrümini müň esse ýokarlandyrmaga ukyply.

Köki gurşap almak bilen, kömelek ony toprak patogenlerinden goraýar, ösümligiň suw sazlaşygyny saklaýar, fosfir we azot bilen elýeter bolan iýmit bilen üpjün edýär, agyr metallary toplaýar.

 

Mikorizanyň esasy dört görnüşleri bar: 


·                Arbuskulýar endomikorizasy (AM)

·                Ektomikoriza (EKM)

·                Ekto-endomikoriza (orhid maşgalasyndan ösümliklere mahsus)

·                Erikoid mikorizasy (ERM) (inçe ýöriteleşdirilen, diňe weresklere mahsus)


vidy-mikorizy tkm

Sur. 1. Mikoriziň görnüşleri we olaryň ösümlikleriniň koloniýalaşdyrylmagy

Ähli oba hojalyk medeniýetleriň kökleri arbuskulýar görnüşli mikorizany (AM) döredýän kömelekler bilen özara gatnaşyga girýärler. Kadadan çykmany atanak güllileriň we selmelileriň (şugundur, ysmanak), şeýle hem ýylaklylaryň wekilleri düzýärler.

 

Organiki oba hojalygynda mikorizanyň durnukly ösmegi üçin diňe ähli işleri ýerine ýetirmegiň tebigy usullaryny berjaý etmek we diňe tebigy materiallary ulanmak zerurdyr.  2005-nji ýyldan bäri bagymyzy ösdürip ýetişdirmek bilen, biziň goşulyşmazdan ähli miwe ekinlerimiziň kökünde mikorizanyň bol ösüşini gördük.  Täze ýerleriň ösmegi üçin simbiot-kömelegi sporalar bilen ekin, ekilýän serişdeleri, şeýle hem eýýäm ösýän ösümlikleriň kök ulgamyny saklamak bolýar.  


Mikoriza arkalaşygynyň bolup geçmegi üçin başlangyç tapgyrda göz öňünde tutmaly birnäçe örän wajyp pursatlary bar.

 

1.        Kök zolagynda çygyň bolmagy;

2.        Topragyň 18°C pes bolmadyk temperaturasy;

3.        Toprakda ereýän fosfatlaryň 8% ýokary bolmadyk düzümi;

4.        Topragyň pH 5,3 pes bolmazlygy;

5.        Kömelek serişdesiniň ýa-da gaýtadan işlenilen ösümlikleriň (ekilýän serişdeleriň) işjeň ultramelewşe şöhleden goragy, sebäbi ultramelewşe şöhleleri sporalara ýaramaz täsir edýärler. 

 

Kömelek kök ulgamynyň bölünip çykmagynyň kömegi bilen işjeňleşdirilenden we kök ulgamy bilen gatnaşyga girenden soň ol gowşak bolmaýar we onuň ösmegi üçin ýeke-täk şert bolup, taýynyň işjeň täsir edýän kök ulgamynyň bolmagy çykyş edýär.

image0031_opt ткм

Surat 2. Abuskulýar mikorizanyň (AM) taýlarynyň metaboliki integrirlemesi:

Kömelegiň gifleri topragyň ownuk bölejiklerine girmek bilen, içinde erän ýokumly maddalary bilen köke suw berýär.


AM-kömelekleri bilen ösümlikleriň mikoriza arkalaşygynyň netijeleri:


·          Köklerden çykýan kömelegiň gifiniň hasabyna sorujy üst, degişlilikde köküň iýmitlenme meýdany hem 10-50 esse ýokarlanýar.

·          Fosfordan daşary kömelek beýleki eremeýän we kyn ereýän ýokumly düzüm birlikleri ösümlik üçin elýeter görnüşe geçirýär.

·         Toprakdan ýokumly düzüm birlikleri bilen bilelikde ösümlikler kömelek tarapyndan çykarylýan biologiki işjeň maddalary hem ulanýar. Fitogormonlaryň    konsentraty düýpli ýokarlanýar, bu hem ösümlikleriň ösüşini işjeňleşdirmäge getirýär.

·           Mikoriza bilen kökleri toprak patogenleriň täsirine durnukly bolýar. Kömelek ösümlik öýjüklerinde gorag fenol-flawonoidleriň sintezini çykarýar.

·            Mikoriza miweli we beýleki topark bakteriýalary, beýleki simbiot-kömelekleri we ulgamyň hereket edýän zolagynda ösýän ösümlikler bilen goşmaça   mikoriza arkalaşyklaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu ulgam “ýeke-täk mikoriza tory” – CMN adyna eýe boldy. Ýeke-täk mikoriza tory ekoulgamyň   içinde uglerody paýlaýar, ýokumlandyrýar we azody, fosfory we suwy taý-ösümlikleriň arasynda paýlaýar, transpirasiýany güýçlendirýär we guraklyga   bolan durnuklylygy ýokarlandyrýar. 

 

Mikoriza bilen ösümlikler guraklyga has durnukly bolýar, sebäbi kömelekler ösümliklere garanyňda gurşawda erkin çyglylygyň has pes derejesine uýgunlaşan we ösen kömelek şitilhanasynyň hasabyna topragyň has çuň gatlaklaryndan, şeýle hem kök ulgamynyň özbaşdak girip bilmeýän kiçi bölejiklerden çygy çykarmaga ukyply.

Mikoriza bilen ösümlikler toprakda agyr metallaryň ýokary derejesine has durnukly, şonuň üçin hem mikorizirleme hapa çäklerde örän gowy netijeleri görkezýär.

AM-kömelekler topragyň agregat ýagdaýyny gowulandyrýar. Kömelekler tarapyndan miseliýa tory bilen döredilen toprak bölejiklerini berkitmekden daşary olar toprakda 60% ugleroddan durýan glikoprotein-glomatini toplaýar. Glomatin topragyň agregatlarynyň birleşmegini şertlendirýär we olaryň gidrofoblylygyny ýokarlandyrýar. 


Mikorhizanyň bolmagy aşakdaky zatlar üçin uly rol oýnaýar:


·           Oba hojalygy: bakja, hoz miweli, däne medeniýetleri, miweli agaçlar, gök-önümler (selmelilerden we atanakgüllilerden daşary), ir-iýmişler, otag ösümlikleri, bezeg gülleri we gyrymsy agaçlar, iým we derman otlary.

·            Şäher kommunal hojalygy we landşaft bezegi: baglara, çemenliklere, gülçanaklara, seýilgählere, futbol meýdançalaryna, sport meýdançalaryna we ş.m. agaçlary ekmek.

·             Tokaý hojalygy: tokaýlary dikeltmek, gurakçylyk bilen göreşmek, ýokary hilli nahallary almak.

·              Betleri we fortifikasiýa desgalaryny berkitmek.

·              Ekologiki heläkçilikleriň ýerinde hapalanan çäkleri dikeltmek.

·              Oba hojalyk meýdanlaryny dikeltmek.

·               Miweli agaçlary we gyrymsy agaçlary täzelemek. 

 

Indi, kömelekleriň munuň ýaly medeniýetleriniň nirede barlygy we olary esasy görnüşde medeniýetleşdirip ýa-da satyn alyp bolýandygy barada. Biz özümiziň 10 ýyldan gowrak gözegçiliklerimiziň esasynda ynam bilen bu barada aýdyp bilýäris:

 

·          Ynam bilen goralýan goraghana zolaklarynda we tokaýçylyklarda, bajak gatlaklarynyň gurşawyň ýeterlik derejede laýyk şertlerde saklanýan we düzüminde ýeterlik derejede organiki birleşmeleriň fermentirleme önümleri bolan ýerlerde hususy kömelek medeniýetleriniň bar bolmagyna garaşmak bolýar. Tokaý gatlagy, köp ýyllyk we bir ýyllyk ösümlikleriň (otlaryň, gyrymsy agaçlaryň) köplügi topragyň gerekli temperaturasyny we çyglylygyny üpjün edýär, şeýle hem olaryň gije-gündizki üýtgemesini azaldýar – bu hem mikorizanyň bar bolmagy üçin wajyp şert bolup durýar. Ýene bir wajyp faktor – zäherli mineral birleşmeleriň we pestisidleriň, esasan hem fungisidleriň ýok bolmagy – bu maddalar topraga ýaramaz täsir edýär.

·          Soňky ýyllarda ýokary hasyllylygy we sagdyn ösümlikleri wada bermek bilen, satyn almak üçin bazarlara mikoriza medeniýetleri getirilýär – aldawa düşmäň. Sebäbi bu peýdaly kömelekleriň sporalary hemme ýerde bar we olar munuň üçin şertler döredilenden ösüp we dessine peýda getirip başlaýar. Biziň howa şertlerimiziň şertlerinde ýeke-täk şert – tebigy dökünleri, komposty we mulçirlemäni ulanmak bilen arassa, tebigy oba hojalygy. Mikorizany almagyň ähli beýleki usullary heläkçilikli – eger-de onuň şertler bolmasa, ony satyn almagyň manysy ýok. Eger-de şertler döredilen bolsa, ony satyn almagyň manysy umuman ýok – ol dessine ösümlikleriň kökünde özi çykyp başlaýar.

 

Toprakda fosforyň ýeterlik derejesiniň bar bolmagy örän wajyp. Organiki oba hojalygy organiki dökünleri we komposty uly mukdarda ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu serişdeler adaty birleşmelerde fosfora baý. Goşmaça, balyk ýa-da süňk ununy ýa-da olaryň garyndysyny ulanmak bolýar. Balyk uny biziň topraklarymyz üçin laýyk gelýär, sebäbi onuň aşgarlylygy pes.