Suwarmagyň görnüşleri: artykmaçlyklary we kemçilikleri

 

Suwarmak – bu, wagtyň deň aralygynda suwuň gözegçilik edilýän mukdary ösümliklere barýan usul. Ýönekeý dilde aýdanyňda, bu ýagyn az bolanda adamlaryň ösümliklere suw üpjünçiliginde berýän ýardamy. Suwarma suwlary derýalardan, köllerden we guýylardan gelýär ýa-da turbalardan ýa-da açyk nowhanalardan, özi akymy bilen ýa-da çekip almak arkaly gelýär,

 

Artykmaçlyklary:


1.  Suwarma daýhançylara gowy peýda berýän haryt önümlerini ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Haryt önümleriň mysallary; däneli, ýer almasy, bakja önümleri we ş.m.

2.  Şor topragyň we ýeriň ýok ýerinde suwarma ýerasty suwlaryň ätiýaçlygyny ýokarlandyrýar, sebäbi suw toprak suwlarynyň linzasyna birleşmek bilen syzylyp ýitýär.

3.  Suwarma ulgamlarynyň bar bolmagy ýagynlaryň ýeterlik däl mukdarynda ösümlikleriň ösmegini we hasyllylygyny üpjün edýär.

 

Kemçilikler:


1. Tebigy ýa-da emeli drenažyň ýok ýerinde hetden aşa suwarma ähli nowhanalar boýunça duran suwly batgalyklary we howuzlary döredýär. Batgalyklar we howuzlar birnäçe wagtdan soň zyýanly mör-möjekleriň, mysal üçin çybynlaryň üýşýän ýeri bolýar, bu hem, gyzdyrma ýaly keseliň ýüze çykmagyna getirýär.

2. Şeýle hem, tebigy ýa-da emeli drenažyň ýok we şor topragyň bar ýerinde hetden aşa suwarma toprakda suwuň şorluk derejesiniň ýokarlanmagyna we topragyň şorlaşmagyna getirýär.

 

Wajyplygy:


1.  Suwarma toprakda çygy saklaýar. Çyg tohumlaryň ösüp çykmagy we ösümligiň geljekde ösmegi üçin zerur.

2.  Suwuň ösümlikde bar bolan esasy birleşmeleriň biri bolup durýandygyndan daşary, onuň ýaşaýyşy üçin zerur bolan mikro- we makro düzüm birlikleri ýaýradýar. Ýagny, suwarma ösümlikleriň toprakdan mineral ýokumly maddalary almagy üçin zerur.

3.  Suwarma medeni ösümlikleriň kökleriniň ösmegi üçin zerur.  

Suwarmagyň görnüşleri:


Oba hojalykdaky görnüşleri: üst, sprinkler, damjalaýyn we ýagyş ulgamlary suwarma. 

1

Üst suwarma: Üst suwarmada suw ýerden ýönekeý grawitasiýa bilen geçýär we topraga siňýär. 

2

Sprinkler suwarma: Bu suwuň kesgitlenilen mukdaryny turbalar boýunça meýdanlara goýberýän we ondan soňra ony ýokary akymlaýyn sprinkler bilen gönümel ösümliklere sepýän iň ýaýran usul. Artykmaçlygy suwuň mukdaryny kadalaşdyryp bolýandygyndan ybarat.  

3

Damjalaýyn suwarma: Bu görnüş suwy ösümligiň kök zolagyna damja bilen goýberýär. Bu usul suwarmak üçin has netijeli bolup durýar.  (Biziň baglarymyzda ulanylýan esasy usul.)  

4

Ýagyş ulgamlary: Olar bir turbageçirijiniň tegelek ýa-da tekiz shema boýunça teker minaralary boýunça hereket edýän özi hereket edýän ulgamy öz içine alýar.  

читать на русском