Toprak minerallary
we ösümlikleriň iýmitlenişi
Awtorlar:
Balwant Singh, (Sidneý uniwersiteti, Daşky gurşaw ylymlary bölümi) we Darrell
G. Schulze (Purdue uniwersitetiniň agronomiýa bölümi) © 2015 Nature Education
Salgylanma
(Çykgyt): Singh, B. we Schulze, D. G. (2015) Toprak minerallary we ösümlikleriň
iýmitlenişi. Tebigat bilimi 6 (1): 1
Toprak minerallary bilen
baglanyşykly himiki reaksiýalar ösümlikleriň ýokumly maddalarynyň elýeterlilgine
gözegçilik etmekde nähili möhüm orny tutýar?
Ähli ösümliklere ýaşaýyş
siklini (aýlanyşygyny) tamamlamak üçin 17 sany element zerur, şeýle hem ýene-de
dört sany elementiň käbir ösümlikler üçin zerurdygy kesgitlenildi. (Havlin we
başg. 2005). Howadan we suwdan ösümlikler tarapyndan alynýan C, H we O-dan
başga galan 14 elementi ösümlikler toprakdan ýa-da dökünler, ders we goşundylar
arkaly alýar (Parikh we James 2012). Topragyň gaty böleginiň (fraksiýasynyň) esasy
bölegini ýokumly maddalaryň köpüsiniň üpjünçiligine we elýeterliligine göni we
gytaklaýyn täsir edýän toprak minerallary düzýär. Toprakdaky ýokumly maddalarynyň
esasy bölüp çykarma we berkitme (saklama) proseslerine ereme-çökme we
adsorbsiýa-desorbsiýa degişlidir. Bu prosesleri we olaryň makroelementlere we
mikroelementlere nähili täsir edýändigini ara alyp maslahatlaşarys.
Deslapky (ilkinji) minerallar
we topragyň hasyllylygy
Çökündi dag jynslary
(tohumlar) ýer gabygynyň 75-80% -ini tutýar we topraklaryň aglaba bölegi üçin
başlangyç (enelik) materiallary emele getirýär.Başlangyç (enelik) toprak
materialy toprakdaky ýokumly maddalaryň düzümine uly göni täsirini ýetirýär; bu
täsir ýaş topraklarda has aýdyň görünýär we topragyň ýaşynyň ulalmagy we dargamagy
bilen birneme azalýar. Başlangyç (enelik) toprak materiallarynyň (toprak emele
getirýän jynslaryň) topragyň elementar düzümine edýän täsirine has gowy
düşünmek üçin başlangyç (enelik) toprak materialyny (toprak emele getirýän
jynsy) emele getirýän adaty dag jynslarynyň mineralogiki düzümine garamak peýdalydyr.
(1-nji tablisa). Deslapky (ilkinji) minerallar dag jynslarynyň ilkibaşdaky gatamagy
wagtynda ýa-da metamorfizm döwründe sowaýan magmadan ýokary temperaturada emele
gelýär we adatça toprakdaky magmatiki we metamorfiki jynslardan emele gelýär
(Lapidus, 1987). Topraklaryň köpüsinde meýdan şpatlary, slýuda we kwars esasy deslapky
(ilkinji) mineral düzüm bölekleridir; piroksenler we şahlylar az mukdarda
bolýar.
Mineralogiki düzümi |
Wulkaniki jyns |
Slanes |
Gumdaş |
Ýokumly elementleriň düzüm birlikleri |
|
% |
Esasy |
Ujypsyz (goşmaça) |
|||
Meýdan şpatlary |
59.5 |
30.0 |
11.5 |
K,
Ca, Na |
Cu,
Mn |
Amfibol we piroksen |
16.8 |
– |
sm |
Mg,
Fe, Ca |
Ni,
Co, Cu, Mn, Zn, Mo |
Slýuda |
3.8 |
– |
sm |
K,
Ca, Na, Mg, Fe |
Ni,
Mn, Co, Zn, Cu |
Titan minerallary |
1.5 |
– |
sm |
Ti,
Fe, Ca |
Co,
Ni |
Apatit |
0.6 |
– |
sm |
Ca,
P |
|
Toýun |
– |
25.0 |
6.6 |
K,
Mg, Fe, Ca, Na |
|
Demir oksidi |
– |
5.6 |
1.8 |
Fe |
Mn,
Zn, Ni, Co |
Karbonatlar |
– |
5.7 |
11.1 |
Ca,
Mg, Fe |
|
Başga minerallar |
– |
11.4 |
2.2 |
– |
– |
1-nji
tablisa: Ýer ýüzündäki adaty dag jynslarynyň ortaça mineralogiki we elementar
düzümi (Klein we Hurlbut, 1999, F.W.
Clarke maglumatlarynyň esasynda). |
Kaliý meýdan şpatlary
(ortoklaza, sanidin we mikroklin), slýuda (muskowit, biotit we flogopit) we toýun
slýuda (illit) ýaly deslapky (ilkinji) minerallar ýel bilen güýçli dargadylan
we çägeli topraklardan başga toprak görnüşleriniň köpüsinde giňden ýaýrandyr. Bu
deslapky (ilkinji) minerallar kaliý üçin möhüm gap (rezerwuar) hökmünde çykyş
edýär, özem toprakdaky bar bolan kaliýiň 90% -den gowragy minerallaryň
düzüminde bolýar. Meýdan şpatlarda uly möçberde Ca, Na we Si we az möçberde Cu
we Mn bolýar. Slýuda we illit köp topraklarda kaliýiň iň möhüm çeşmesi bolp
durýar we Mg, Fe, Ca, Na, Si we birnäçe ýokumly mikroelementleri öz içine
alýar. Amfibollar we piroksenler Mg, Fe, Ca, Si we köpsanly mikroelementler
üçin örän wajyp gap (rezerwuar) bolup durýar . Karbonat minerallary, şol sanda
başlangyç (enelik) toprak materialyndan emele gelen we pedogeniki prosesleriň
netijesinde toprakda emele gelýän minerallar toprakda Ca we Mg çeşmesi we sarp
eijisi bolup hyzmat edýär.
Deslapky (ilkinji)
minerallaryň fiziki, himiki we biologiki dargadylmagy topragyň erginine birnäçe
ýokumly maddalary goýberýär. Deslapky (ilkinji) minerallaryň dargama tizligi we
ýollary dürli-dürli bolýar we mineral häsiýetleri we klimat şertleri ýaly
birnäçe faktorlara baglydyr. Kesgitli elementler üçin deslapky (ilkinji)
minerallaryň ýel bilen dargama tizligi ösümlikleriň ýokumly maddalara bolan
isleglerini (esasanam dolandyrylýan ekerançylyk ulgamlarynda) kanagatlandyryp
biljek derejede ýokary bolmasa-da, minerallaryň ýel bilen dargadylmagy birnäçe
geohimiki usul bilen alnan ýokumly maddalaryň möhüm we uzak möhletli çeşmesi
bolup durýar. Topragyň deslapky (ilkinji) minerallaryň ýel bilen dargadylmagy arkaly
ýokumly maddalar bilen üpjün etmek ukyby, topragyň ýel bilen dargadylma
derejesiniň ýokarlanmagy bilen peselýär.
Ikinji
derejeli minerallar we topragyň hasyllylygy
Deslapky (ilkinji) minerallardan
tapawutlylykda toprakdaky ikinji derejeli minerallar, adatça, Ýeriň ýüzündäki
suw gurşawynda deslpaky (ilkinji) minerallaryň ýel bilen dargadylmagyndaky pes temperaturaly
reaksiýalar netijesinde emele gelýär.
Ikinji derejeli minerallar, esasan adsorbsiýa-desorbsiýa,
ereme-çökme we redoks (okislenme-dikelme) reaksiýalary arkaly ýokumly maddalary
dolandyrýar. Minerallaryň gatnaşmagyndaky adsorbsion reaksiýalar köplenç ösümlikleriň
ýokumly maddalarynyň minerallaryň ýel bilen dargadylmagyndaky bölünip çykmasyna
garanyňda ösümlikler üçin ýokumly maddalaryň elýeterliligini dolandyrmak üçin has
möhümdir. Hemişelik zarýadly filosilikatlar (mysal üçin wermikulit we smektit)
Ca2 +, Mg2 +, K + we Na + ýaly kationiki görnüşindäki (kation alyş-çalyş ukyby)
birnäçe möhüm ýokumly maddalary öz içine alýan alyş-çalyş ýerlerini (nokatlaryny)
hödürleýär (berýär); ýokumly maddalar daşky sfera toplumlarynyň emele
gelmeginiň hasabyna saklanýar (1-nji surat) we ösümlik kökleri tarapynda
aňsatlyk bilen alnyp bilýär.Beýleki tarapdan, üýtgeýän zarýadly minerallar
(mysal üçin, demir oksidleri) käbir ýokumly maddalary saklaýar (P, Zn), içerki sfera
toplumlary emele getirýär (2-nji surat) we bu ýokumly maddalar ösümlikler üçin
aňsat elýeterli bolmaýar. Belli bir ýokumly maddalar bilen baglanyşykly möhüm
reaksiýalar aşakda görkezilýär.
1-nji
surat: Toýun mineraly bolan smektitiň gatlakara sebitinde gidratirlenen
alyş-çalyş kationlary.
© 2014 Nature
Education. Balwant Singh we Darrell G.
Schulze tarapyndan hödürlenen. Ähli hukuklar goralan.
2-nji
surat: Getit tekizligindäki monodentat we bidentat baglanyşyklary öz içine
alýan içki sfera toplumlarynyň emele gelmegi bilen fosfat adsorbsiýasynyň
shematiki görnüşi.
©
2014 Nature Education. Balwant Singh we Darrell G. Schulze tarapyndan hödürlenen.
Ähli hukuklar goralan.
Azot: Ösümlikler köplenç toprak azotynyň nitrat (NO3-)
we ammoniý (NH4 +) görnüşlerini siňdirýärler. Topraklarda dökün
görnüşinde ulanylýan azot we organiki maddalardan minerallaşan azot esasan NO3-
görnüşine öwrülýär. Topraklaryň
köpüsiniň anion alyş-çalyş ukybynyň çäklidigi sebäpli, ulanylýan azotyň NO3
ionlary görnüşinde aşgarlanyp çykarylmagy, esasanam oba hojalygy sebitlerinde
suwuň hiliniň giňden ýaýran meselesi bolup durýar. Bu şeýle hem möhüm ykdysady
netijesizligi aňladýar, sebäbi öndürijiler aşgarlap bölünip çykmagyň öwezini
dolmak üçin aşa köp mukdarda dökün ulanýarlar. Bu
ýagdaýda kadadan çykmalar oksisol we ultisollar (oxisols and ultisols) ýaly ýel bilen güýçli
dargadylan topraklar bolup durýar. Oksisollaryň we ultisollaryň mineralogiki
düzüminde üýtgeýän ýerüsti zarýadly minerallar agdyklyk edýär, esasan kaolinit
we demir we alýumin oksidleri, olar topraklara NO3-N köp möçberlerini
esasanam ýerasty gözýetimlerde saklamaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin,
Lehmann we başg. (2004) Braziliýada oksisolda mekgejöwen we soýa ulgamynda 1
gektara (2 metre çenli çuňlukda)150-300 kg NO3-N syn etdiler. Mundan
başga-da, Rasiah we Armor (2001) Awstraliýanyň demirgazygyndaky Kwinslend oksisollarynda
dürli ýer ulanylyşy üçin 10 m çuňlukda her gektarda 17,000 bilen 32,000 kg NO3-N
aralygynda çaklaýar. Awstraliýanyň oksisollarynyň anion alyş-çalyş ukyby ýokary
bolup, 41 mmolc kg-1-e ýetýärdi. Adsorbsirlenen nitrat
gaty çuň ýerleşip, meýdan ekinleriniň köpüsinde elýeterli däl, ýöne ýerasty
suwlara akdyrylyp gitmeýär.
Üýtgeýän
zarýadly minerallary bolan güýçli ýel bilen dargadylan oxisol and ultisollardan
tapawutlylykda, ortaça klimatly topraklar ýokary kation alyş-çalyş ukyby we
ammiak ionlaryny (NH4 +) saklamak ukyby bolan hemişelik zarýadly minerallary
(meselem, smektit we wermikulit) bolýar. Hakykatdanam, NH4-N-iň köp
bölegi 2: 1 filosilikat aralyk gatlaklarynda saklanýar we aňsatlyk bilen
çalşylmaýar, şonuň üçin oňa berkidilen (fiksirlenen) NH4 diýilýär. NH4-
berkitme (fiksasiýa) prosesi, 3-nji suratda görkezilişi ýaly K-fiksasiýa meňzeşdir.
NH4+ ionlarynyň topraklarda berkidilmegine (fiksasiýasyna) gatlak
gatnaşygy 2: 1 bolan wermikulit, illit we gatlakara minerallar gatnaşýar. Çäge
topraklaryndan başga topraklardaky NH4 + möçberi topragyň iň ýokarky
30 sm-de 1 ga üçin 350-den 3800 kg NH4-N aralygyndadyr; Wermikulit
we bölekleýin ýel bilen dargadylan illit smektit minerallar toparyna garanyňda NH4
+ toprakda berkitmekde (fiksasiýasynda) has uly ukybyna eýe (Nieder we başg.
2011; Nörmik we Vahtras 1982; Stevenson we Cole 1999). 2: 1 filosilikatlaryň NH4
+ ionlaryny baglamak üçin dürli häsiýetiniň we ukybynyň bolmagy bu
minerallardaky otrisatel zarýadyň ululygy we gelip çykyşy bilen
baglanyşyklydyr. NH4 berkidilişi (fiksasiýasy) adatça 2: 1 filosilikatlarda
gatlak zarýadynyň ýokarlanmagy bilen ýokarlanýar we tetraedral gatlakda dörän
zarýadly minerallarda oktaedral gatlakda dörän zarýadly minerallara garanyňda berkidilişi
(fiksasiýa) has ýokary bolýar.
3-nji
surat: K + we NH4 + berkitmesi (fiksasiýasy) toprak erginindäki
(ýokarky çep burçda) bu birwalentli (monovalent) kationlar wermikulit aralyk
gatlagyndaky (ýokarky sag burçda) gidratirlenen kationlary (Ca2 + we Mg2 + görnüşindä
görkezilen) gysyp çykarýar.
K +
we / ýa-da NH4 + kationlar uwsuzlandyrylýar (degitratirlenýär) we gapma-garşy
ýerleşen 2: 1 gatlaklaryň boşluklarynda berk saklanýar, slýuda meňzeş gurluşy
(aşaky sag burç) emele getirýär, gysylyp çykarylan kationlar bolsa toprak
erginine (aşaky çep burç) geçýär. Ters reaksiýa berkidilen (fiksirlenen)
kationlaryň çykmagyna getirýär.
©
2014 Nature Education. Balwant Singh we Darrell G. Schulze tarapyndan hödürlenen.
Ähli hukuklar goralan.
Fosfor: P esasan ösümlikler
tarapyndan toprak ergininden fosfat ionlary (HPO42- we HPO4-)
görnüşinde alynýar. Toprak suwundaky fosforyň konsentrasiýasy, adatça, örän
pesdir (topragyň umumy fosforynyň <0.01%), toprak fosforynyň esasy bölegi
organiki fosfor, alýumin, demir we kalsiý bilen eremeýän fosfor birleşmeleri,
şeýle hem Fe we Al oksidlerine we fillosilikatlaryna adsorbirlenen fosfatlar görnüşinde
bolýar. (Stevenson we Cole 1999; Brady we Weil 2008)
Eredilen
himiki dökünlerden bolan fosfat ionlary topraklaryň köpüsinde çalt reaksiýa
berýär we bu netijede toprakda fosforyň
berkidilmegine (fiksirlenmegine) getirýär. Bu toprak reaksiýalary hem adsorbsiýa
hemem çökme proseslerini öz içine alýar.
(i)
Adsorbsiýa täsirleri (reaksiýalary)
Mineral tekizliklerdäki
(örtüklerdäki) fosfat ionlarynyň adsorbsion reaksiýalary esasan Fe we Al
oksidleriniň we kaolinitleriň üýtgeýän zarýadly tekizliklerinde (örtüklerinde)
içerki sfera toplumlaryň emele gelmegi bilen baglanyşyklydyr.Munuň mysaly 2-nji
suratda görkezilýär, bu ýerde fosfat ionlary getit tekizligine (örtügine)
adsorbirlenip (ýerleşdirilip), monodentat we bidentat baglanyşyklary emele
getirýär . Şeýle prosesler bilen adsorbirlenen fosfat ionlary ösümliklere
ýuwaş-ýuwaşdan elýeterli bolýar.Şeýle
hem fosfatyň kalsitli (hekli) topraklarda kalsit bilen sorbirlenýändigi we sorbsiýa
CO32- kalsitiň tekizliginde (örtüginde) çalşylmagy
sebäpli ýüze çykýandygy mälimdir.
(ii) Çökme täsirleri (reksiýalary)
Ýokary kislotaly
topraklarda dökünlerden bolan ereýän fosfat bilen baglanyşykly çökme
reaksiýalary eremeýän Al, Fe ýa-da Mn fosfatlarynyň döremegine getirýär. Munuň
tersine, kalsitli (hekli) topraklarda eremeýän karbonat gidroksiapatite
öwrülýän kalsiý fosfatlary emele gelýär. Kislotaly we kalsitli (hekli) topraklarda
fosfatlaryň umumy himiki reaksiýalary aşakda görkezilýär:
Kaliý: esasy (deslapky,ilkinji) elementleriň
arasynda kaliý topraklarda has giňden ýaýrandyr. Kaliýiň topraklardaky umumy
möçberi toprak göwrüminiň (massasynyň) 0,5-2,5 % aralygynda bolýar we kaliýiň
köp bölegi mineral görnüşinde bolýar (kaliý meýdan şpatlary we slýudasy).
Aşakdaky mysallarda görkezilişi ýaly kaliý toprakdaky kaliý minerallarynyň ýel
bilen dargadylmagynyň ýa-da eremeginiň netijesinde bölünip çykýar:
Bu iki reaksiýalardan adatça
slýudanyň ýel bilen dargadylmagy dökün dökülmedik topraklardaky ösümlikleri
kaliý bilen üpjün etmek üçin has wajyp bolup durýar.
Fillosilikatlar çalyşmaýan
ýa-da berkidilen (fiksirlenen) (ýagny, örän haýal we diňe K konsentrasiýasy iň
pes çäginden aşak düşen ýagdaýynda çalyşýan) we çalyşýan görnüşlerden
ösümlikler üçin K saklap galýar we bölüp çykarýar.
Alyş-çalyş sebitlerindäki
kaliý ionlary daşary sfera toplumynyň emele gelmeginiň hasabyna siňdirilýär we
ösümlikler üçin aňsat elýeterli bolýar. (1-nji surat)
Beýleki
bir tarapdan, illit, wermikulit we 2: 1 gatlakara toýun minerallar çalşylýan
kaliýden has tizligi pes bolan diffuziýa we kation alyş-çalyş prosesleri arkaly
gatlakara sebitlerden çalşylmaýan ýa-da berkidilen (fiksirlenen) kaliýi bölüp
çykarýar (3-nji surat). NH4 + ionlary ýaly dökünler ýa-da beýleki
goşundylar bilen gelýän kaliý 2: 1 mineral gatlaklarynda berkidilip
(fiksirlenip) bilner (3-nji surat). Çalyşmaýan ýa-da berkidilen (fiksirlenen)
kaliý ergindäki kaliý konsentrasiýasy belli bir çäkden aşak düşse, toprak
erginine yzyna gaýtarylyp bilner.
Ikinji derejeli ýokumly
maddalar
Ikinji
derejeli ýokumly maddalarynyň arasynda Ca we Mg ösümlikler tarapyndan olaryň
kationiki Ca2 + we Mg2 + görnüşlerinde siňdirilýär. Bu kationlar elektrostatiki
dartyş güýjüniň (daşky sfera toplumynyň emele gelişi) hasabyna
fillosilikatlaryň otrisatel zarýadly ýerlerinde saklanýar (1-nji surat). Kalsit
(CaCO3), magniý kalsiti (Ca1-xMgxCO3) we gips (CaSO4.2H2O)
ýaly ikinji derejeli karbonatlaryň çökmesi gurak we ýarym gurak topraklarda
adaty hadysa bolup durýar. Ikinji
derejeli karbonatlar mineralyň düzümine girmeginiň (meselem, Mn) ýa-da
mineralyň tekizliginde (örtüginde) içerki sfera toplumynyň emele gelmeginiň
(meselem, P we Zn) hasabyna ýokumly maddalaryň wajyp siňdirijileri hasap
edilýär.Fe we Al oksidleri, şeýle hem kaolinit bu minerallar
az mukdarda bolsa-da, köp topraklarda SO42- adsorbsion ýerleri
hasaplanýar. Sulfat ionlarynyň bu minerallar tarapyndan siňdirilip, içerki we
daşarky sfera toplumlary emele getirýär diýip hasaplanýar.Kalsitli (hekli)
topraklarda SO42- CaCO3-e sorbirlenip, CaCO3-CaSO4
çökmesini emele getirip, SO42-ni ösümliklere elýetersiz edip bilýär.
Sulfit (S-, S2-) minerallary pirit (FeS2) ýaly minerallary emele getirip
dikelýän SO42- ionlarynyň dikelýän şertlerinde (meselem, süýji
suwlar we daşgyn batgalyklar) emele gelýär. Şeýle dikelýän S görnüşleri howada
okislenýär we SO42-, H + we Fe3+ ionlaryny toprak
erginine goýberýär.
Mikroelementler (ýokumly maddalar)
Mikroelementleriň (ýokumly maddalaryň)
arasynda Fe, Mn, Cu, Zn we Ni ösümlikler tarapyndan olaryň kationiki
görnüşlerinde, B, Mo we Cl bolsa anion görnüşlerinde siňdirilýär. Fe we Mn
topraklaryň köpüsinde köp mukdarda bolýar we adsorbsion reaksiýalar olaryň
toprakdaky ösümliklere elýeterligini dolandyrmaäkda uly orun tutmaýar.
Okislenme we çökme reaksiýalary esasan Fe we Mn toprak erginindäki
konsentrasiýasyna dolandyrýar. Getit, gematit we ferrigidrit toprakda iň köp
ýaýran ikinji derejeli demir oksidleridir. Demir oksidleriniň mikrokristal
ululygy sebäpli bu minerallar ýokary udel (häsiýetli) tekizligi eýe bolup,
topraklaryň ähli görnüşlerinde kation we anion elementleri üçin köp sanly
adsorbsion ýerlerini üpjün edýär. Iki sany has durnukly Fe oksidiniň, getitiň
we gematitiň Mn, Ni, Zn we Cu ýaly mikroelementleri (ýokumly maddalar) üçin
möhüm gurluş çalşygynyň bardygy mälimdir. Marganes minerallary Fe oksidleri
ýaly köpsanly we giňden ýaýran däldir. Olar köplenç toprakda mineral örtükler,
konkresiýa (düwünler) ýa-da toprak matrisasyndaky inçe dispers (bölejikler)
ýaly görnüşde bolýar. Fe we Mn oksidleri köp toprakda umumy mineral düzümler
hem-de köp makro we mikroelementleriň saklanmagy üçin möhüm substratlar bolup
durýar.
Fe we Mn oksidleriniň we Mn karbonatlarynyň kalsitli (hekli) topraklarda ereýjiliginiň örän pesligi sebäpli Fe we Mn-ň ösümlikler üçin elýeterliligi ep-esli azalýar. Şeýle ýagdaýlarda ösümlikler dikeldiji we helatirleýji birleşmeleriň bölünip çykmagy we rizosferanyň kislotalaşmagy ýaly biohimiki reaksiýalary döredýär, bu bolsa Fe, Mn we beýleki mikroelementleriň elýeterliligini ýokarlanmagyna getirip bilýär.
Mis, Zn we Ni bilen Fe we Al
oksidleri adsorbirlenýär we pes ergin konsentrasiýalarynda içerki sfera
toplumlary emele getirýär. Şeýle-de bolsa, has ýokary ergin
konsentrasiýalarynda metal gidroksidleriň çökmesi ýüze çykýar (Ginder-Vogel we
Sparks 2010). Cu2 +, Zn2 + we Ni2 + -leriň adsorbsiýasy 2: 1 filosilikatlaryň
otrisatel zarýadly tekizliklerinde daşarky sfera toplumlarynyň emele gelmeginiň
hasabyna amala aşyrylýar. Şeýle hem onuň kaolinitleriň tekizliklerinde içki
toplumlaryň emele gelmegi sebäpli ýüze çykmagy mümkin. Aşgarly topraklarda
Zn-iň kalsitde adsorbsiýasy we Cu-nyň kalsitde çökmesi hem bolup biler. B we Mo
ösümlikler tarapyndan H3BO3 we MoO42-
görnüşinde siňdirilýär. Çäkli maglumatlar B görnüşleriniň (meselem, B (OH) 3
we B (OH) 4-) Fe we Al oksidleriniň tekizliginde içerki sfera
toplumlaryny emele getirip toprakda adsorbsiýa edilýändigi barada şaýatlyk
edýär (Su we Suarez 1995).Edil şonuň ýaly MoO42- metal oksidleri
bilen pugta adsorbirlenýär. Hlor ösümlikler tarapyndan hlorid (Cl-) görnüşinde
siňdirilýär we Cl ionlarynyň gatnaşmagyndaky adsorbsion reaksiýalar NO3
ionlarynyň gatnaşmagyndaky reaksiýalara meňzeýär. Şonuň üçin Cl ionlarynyň
ýokary alyş-çalyş adsorbsiýa potensialy güýçli ýel bilen dargadylan topraklarda
ýüze çykýar, sebäbi olaryň mineralogiýasynda kaolinit we Fe we Al oksidleri
ýaly üýtgeýän zarýadly minerallar agdyklyk edýär.
Käbir toprak gurşawynlarynda, meselem çäkli aşgarlap syzdyrýan topraklarda ýa-da gurak klimatly pes derejede ýerleşen ýerlerde, Cl NaCl, CaCl2 we MgCl2 ýaly çökündi mineral görnüşlerde bolup biler.
Netije
Toprak minerallary
ösümlikleriň esasy ýokumly maddalarynyň hem çeşmesi hemem sarp edijisi bolup
hyzmat edýär.Ilkibaşda ýokary temperaturada emele gelendigi we magmatiki we
metamorf jynslaryndaky basyşy toprakda ýel bilen dargadylýandygy sebäpli olar
ösümlikleriň ýokumly maddalaryny toprak erginine goýberýär. Täze minerallar
toprak gurşawynyň suwly fazasynda emele gelýär. Bu ikinji derejeli minerallaryň
özi ýokumly maddalaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär ýa-da zerur elementleri
çökdürip ýa-da adsorbirläp olaryň ösümlikler tarapyndan siňdirilmegine päsgel
berýär. Köplenç ikinji derejeli minerallar möhüm gaplar (rezerwuarlar) bolup
hyzmat edýär, olarda ýokumly maddalar aşgarlap syzmagyň öňüni almak üçin
ýeterlik derejede berk, ýöne ösümlikleriň iýmit zerurlyklaryny kanagatlandyrmak
üçin ulanmagy üçin gowşak saklanýar. Käbir topraklarda we topragyň käbir
ýokarky gatlaklarynda topragyň organiki materiýasy (maddalary) ösümlikler üçin
ýokumly maddalary saklaýar we bölüp çykarýar.