
Organiki ekerançylygy (tebigy ekerançylyk we isleg bildirilýän-tebigy ýa-da “organiki” ekerançylyk) däp bolan (adaty) ekerançylyk bilen deňeşdirmek
(Deňeşdirme
tablisasyna aşakda serediň.)
Manysy boýunça, oba hojalygy – bu oba hojalyk ösümliklerini ösdürmek we azyk önümlerini, süýümi we adamlaryň ýaşaýyşyny saklamak üçin beýleki önümleri öndürmek üçin mallary ýetişdirmek. Adamzadyň ösmegi bilen, ekerançylygyň dürli ulgamlary kämilleşdi. Oba hojalyk önümine bolan çalt ösýän islegi esasan hem ekerançylygyň däp bolan ulgamy kanagatlandyrýar. Muňa garamazdan, eýýäm birnäçe onlarça ýyllaryň dowamynda alymlar we daýhanlar adaty oba hojalygyň işden hem miwelerden ekologiki ýitgisine we saglyk üçin oňaýsyz netijelerine akyl ýetirýärler. Şonuň üçin hem, saýlam hökmünde organiki ekerançylyk ulgamy döredi. Organiki ekerançylygyň köp ýörelgeleri müňlerçe ýyllaryň dowamynda ulanylan ekerançylygyň ilkibaşdaky ulgamyndan alyndy.
Wagtyň geçmegi
bilen, köp ýurtlar organiki ekerançylyk üçin standartlary girizip başladylar.
Öz-özünden ol iki esasy ulgama bölünip başlady: sintetiki dökünleri we
pestisidleri gowşak we çäkli ulanmak bilen ulgam (isleg bildirilýän-tebigy
ekerançylyk), munda munuň ýaly serişdeleriň ulanylyşyna gözegçilik edilýär we
sertifikatlaşdyrylýar we doly tebigy ekerançylyk. 3-DAMJA bagçylyk hojalygymyz, bütinleý tebigy önümçilikli oba hojalyklara degişlidir.
Organiki
ekerançylyk
Organiki oba
hojalygy oba hojalyk ösümlikleriň we maldarçylygyň ösüşine täsir etmek üçin
sintetiki himikatlary we genetiki taýdan modifisirlenen bedenleri ulanmazdan
tebigy usul bilen oba hojalyk önümlerini öndürýär. Bu ulgamda esasy üns oba
hojalykdan nul derejä çenli daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak bilen bir
wagtda sarp etmek üçin howpsuz, sagdyn azyk önümleriň önümçiligine berilýär.
Isleg bildirilýän-tebigy ekerançylykda sintetiki dökünler we pestisidler geljekki
dargamagyna ýol bermezlik maksady bilen ulanylýan serişdeleriň (topragyň, suwuň
we howanyň) ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek bilen, diňe çäklendirilen
mukdarda ulanylýar. Ekerançylygyň doly tebigy usullarynda munuň ýaly çärelere
isleg bildirilmeýär; adatça ekerançylygyň doly tebigy usullarynyň netijeleri
wagtyň gysga döwründe oňaýly bolýar.
Adaty
ekerançylyk
Däp bolan oba
hojalygy – bu, azyk önümleriň howpsuzlygyny we daşky gurşawyň hapalanmagyny
esasy hasaba almazdan, häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak bilen iň ýokary
öndürijiligi almak maksady bilen oba hojalygy. Sintetiki himikatlaryň, genetiki
taýdan modifisirlenen bedenleriň we zyýan berijiler bilen göreşmegiň
integrirlenen ulgamlarynyň ulanylmagy däp bolan oba hojalygynda örän giňden
ýaýran.
Organiki we däp bolan ekerançylygyň aratapawudy
Ekerançylyk we
maldarçylyk ekerançylygyň iki ulgamynyň esasy düzüm bölekleri bolup durýar.
Muňa garamazdan, däp bolan oba hojalygynda adatça organiki däl dökünler,
sintetiki pestisidler, ösüş iterijileri we ş.m. ýaly sintetiki oba hojalyk
himikatlary ulanylýar. Emma organiki oba hojalygynda hiç wagt sintetiki oba
hojalyk himikatlary ulanylmaýar we ol organiki dökünlere, sertifikatlaşdyrylan
biodökünlere, tebigy pestisidlere we ş.m. bagly. Rekombinant DNK
tehnologiýasynyň kömegi bilen alnan genetiki taýdan modifisirlenen bedenler
organiki oba hojalygyna goýberilmeýär. Munuň ýaly çäklendirmeler adaty oba
hojalygynda ýok.
Günbataryň
ösen ýurtlarynda organiki ekerançylygyň organiki ekerançylygy üçin milli we
halkara standartlary bilen kadalaşdyrylýandygy gyzyklanma döredýär. Şol bir
wagtyň özünde däp bolan ekerançylyk munuň ýaly kadalaşdyrylmaýar. Bu ilkinji
nobatda organiki ýetişdirilen önümleriň delillendirilen ýokary bahalary we oňa
bolan yzygiderli ösýän isleg bilen bagly. Organiki daýhanlar organiki
ekerançylykda alnan öz önümlerini satmazdan öň olaryň organiki ekerançylygyň
standartlaryna laýyklykda oba hojalyk bilen meşgullanýandygyny tassyklaýan
sertifikaty almaly. Adaty ekerançylygyň organiki ekerançylygyna geçmegi üçin birnäçe
ýyl gerek we ilkibaşdan organiki oba hojalygyň girizilmegi yzygiderli barlagda
we gözegçilikde bolýar. Barlagyň we sertifikatlaşdyrmagyň ýa-da gözegçiligiň
munuň ýaly ulgamy däp bolan oba hojalygynda ulanylmaýar. Bu hem organiki
ýetişdirilen önümi adaty ekerançylyk bilen ýetişdirilen önümden gymmat edýär.
Ekologiki
taýdan arassa ulgam we topragy / suwy saklamaga bolan çemeleşmeler, daşky
gurşawyň bioköpdürliligini saklamak we ş.m. organiki ekerançylygyň wajyp
ýörelgesi bolup durýar. Adatça, daşky gurşawyň hapalanma derejesini nula
ýetirmek we döredilýän meýdançalary onuň bilen organiki taýdan sazlamak
organiki ekerançylygyň maksady bolup durýar. Munuň ýaly çemeleşmeler däp bolan
oba hojalygynda ulanylmaýar, şonuň üçin hem olar daşky gurşawyň hapalanmagynyň
we bioköpdürliligiň ýitmeginiň uly sebäpleriniň biri bolup durýar.
Organiki
ekerançylykda adatça ekin dolanyşygy, zyýan berijiler bilen biologiki göreş,
biodinamiki konsepsiýa we ş.m. ýaly oba hojalygy ýöretmegiň usullary ulanylýar.
Organiki oba hojalygy zähmeti has köp talap edýär, hasyllylygy bolsa, däp bolan
oba hojalygy bilen deňeşdirilende pes.
Organiki we däp bolan ekerançylygy deňeşdirmegiň esasy ýagdaýlary:
- 1. Ekerançylyk we maldarçylyk ekerançylygyň iki ulgamynyň esasy düzüm bölekleri bolup durýar.
- 2. Iň ýokary öndürijilik – bu däp bolan ekerançylygyp maksady, organiki ekerançylygynda bolsa – ýok.
4. Organiki däl dökünler, sintetiki pestisidler, ösüş iterijileri ýaly sintetiki oba hojalyk himikatlary adatça däp bolan oba hojalygynda ulanylýar, şol bir wagtyň özünde munuň ýaly oba hojalyk himikatlary organiki oba hojalygynda rugsat berilmeýär.
5. Organiki dökünler, tebigy pestisidler we biodökünleri adatça organiki ekerançylykda ulanylýar, şol bir wagtyň özünde däp bolan oba hojalygynda olar seýrek ulanylýar.
6. Genetiki taýdan modifisirlenen bedenler organiki ekerançylygynda rugsat edilmeýär. Muňa garamazdan adaty oba hojalygynda munuň ýaly päsgeller ýok.
7. Sertifikatlaşdyrylan organiki önümler däp bolan oba hojalygyň önümlerine garanyňda bazarlarda has gymmat.
8. Organiki ekerançylygyň ulgamy ekologiki taýdan arassa bolup durýar we daşky gurşawyň goragyna çemeleşmeler örän ýönekeý, giňden meşhur we daşky gurşawa aýdyň peýda getirýär. munuň ýaly çemeleşmeler däp bolan oba hojalygyna degişlilikde ulanylmaýar.
9. Organiki ekerançylykda daşky gurşawyň hapalanma derejesi nul, şol bir wagtyň özünde däp bolan ekerançylykda ol örän ýokary.
10. Organiki ekerançylyk däp bolan ekerançylyga garanyňda köp zähmeti talap edýär.
11. Organiki ekerançylykda hasyllylyk pes ýa-da däp bolan oba hojalygy bilen deňeşdirilende üýtgäp durýar.
12. Ekin dolanyşygy, zyýan berijiler bilen biologiki göreş, biodinamiki konsepsiýa we ş.m. ýaly oba hojalygy ýöretmegiň usullary organiki ekerançylygynda giňden ulanylýar; munuň ýaly tejribe däp bolan oba hojalygynda seýrek duş gelýär.
13. Organiki oba hojalygy gazaply howa şertlerine çydamly, şol bir wagtyň özünde adaty oba hojalygy – ýok.
14. Organiki ekerançylygyň önümleri däp bolan ekerançylygyň önümleri bilen deňeşdirilende has sagdyn we saglyk üçin howpsuz bolup durýar.
Netije
Organiki oba hojalygy has ekologiki we däp bolan oba hojalygy bilen deňeşdirilende howpsuz sagdyn iýmiti öndürýär. Şeýlelik bilen, adamlaryň ömrüni saglyk üçin howpdan we daşky gurşawy hapalanmadan goramak üçin däp bolan ekerançylykdan organiki ekerançylyga geçmäge wagt geldi.
Biz öz ir-iýmişlerimizi we miwelerimizi ASYL, TEBIGY usul bilen ýetişdirýäris.
Häzirki
wagtda biziň ýurdumyzda köp adamlar asyl usul, adaty usul we “organiki” diýip
atlandyrylýan usul bilen ýetişdirilen oba hojalyk önümleriň arasynda ägirt uly
aratapawudyň barlygyny bilmeýärler.
Bu babatynda siziň tanyşmagyňyzy maslahat berýäris! Bu usul “adaty” diýip atlandyrylýan we organiki usullardan aşakdakylar bilen tapawutlanýar:
Ýetişdirilende pestisidleri (gerbisidleri, insektisidleri we fungisidleri) ulanmak
Hawwa, aýgytly howply derejelere çenli islendik göwrümde
Hawwa, gowşak göwrümde
Emeli gelip
çykyşly pestisidleri ulanmak
Hawwa, olaryň deňeşdirerli gymmat bolmadyk bahalary we mehanizirlenen oba hojalygy üçin oňaýlylygy sebäpli takyk mumuň ýaly pestisidler maslahat berilýär we ulanylýar
Hawwa, seýrek-aýgytly zerurlyk ýüze çykan ýagdaýlarynda
Önümi saklamak üçin pestisidleri ulanmak
Hawwa, hemişe we diňe bir ykdasady deňlemä - söwda torlaryň talap etmek şertlerinde bahalary höwelendirmeklige jogap berýän mukdarda
Hawwa, seýrek-aýgytly zerurlyk ýüze çykan ýagdaýlarynda
Daşky tebigata –
mör-möjeklere, guşlara, balyklara, ösümliklere täsir edýän pestisidleri ulanmak
Hawwa, ulanylýan meýdandan onlarça esse uly bolan çäkde bir ulanylyş möwsüminde käbir mörmöjekleriň, guşlaryň we balyklaryň görnüşlerini doly ýok etmäge ukyply bolan göwrümde
Hawwa, seýrek-aýgytly zerurlyk ýüze çykan ýagdaýlarynda
Emeli mineral
dökünleri ulanmak
Hawwa, esasy dökün hökmünde we topraga zyýan ýetirmek bilen
Hawwa, organiki önüm nyşanlamasyny we bahasynyň emele gelişni kadalaşdyrmak üçin kanun tarapyndan rusgat edilen mukdarda
Organiki gelip
çykyşly dökünleri ulanmak
Ýok, ykdasady taýdan maksada laýyk däl
Hawwa, esasy dökünleriň biri hökümünde
Hawwa, esasy dökün hökümünde
Ösümlikleriň gormonlaryny ulanmak
Hawwa
Hawwa, organiki önüm nyşanlamasyny we bahasynyň emele gelişni kadalaşdyrmak üçin kanun tarapyndan rusgat edilen mukdarda
Topraga täsiri - mikrobiologiki durmuş
Doly oňaýsyz, kesgitlenilmedik uzak wagta toprakda mikrobiologiki işjeňligi bozýar, soňra ony diňe gymmat bahaly çäreler bilen dikeltmek bolýar
Hawwa, organiki önüm nyşanlamasyny we bahasynyň emele gelişni kadalaşdyrmak üçin kanun tarapyndan rusgat edilen mukdarda
Doly oňaýly, sebäbi hasyllylygy ýokarlandyrmak we zyýan berijilere gözegçilik etmek üçin esas gural bolup durýar
Topragy, suwy we mikrohowany gorag boýunça çäreler
Mejbury, ykdysady zerurlyk bilen çäklendirilen, adatça başga serişdelere (ilkinji nobatda, suwa) zyýan ýetirmek bilen
Ikinji derejeli, sebäbi önümçiligiň özi bu serişdeleriň “gowşak ulanylmagynyň” esasynda gurulan
Doly zerur, sebäbi tebigy ekerançylygyň üstünligi bu faktorlara esaslanan
GMO (genno-modifisirlenen ösümlikleri) ulanmak
Sarp edijiniň saglygy - netijeler
Doly oňaýsyz, ilki bilen adamyň iýmit siňdiriş ulgamynyň munuň ýaly iýmit bilen düşýän emeli birleşmeleri siňdirip bilmeýändigi we pestisidler we azyk goşundylary bilen haýal zäherlenmegi bilen baglylykda bagyryň, böwregiň we ähli iýmit siňdiriş beden agzalarynyň näsaglygy bilen bagly
“Adaty” oba
hojalyk önümi bilen deňeşdirilende oňaýly – azda-kände
Oňaýly, ýeke-täk howp – ir-iýmişleriň, miweleriň we gök-önümleriň ajaýyp tagamy sebäpli hetden aşa iýmek; emma bu ýagdaýda iki gije-gündiz hajathananyň golaýynda ýatmak zerurlygy ýok
Biziň jemgyýetimiziň ösüşine, durmuş ösüşine täsiri
Ölüm howply,
köplenç heläkçilikli:
Öndürijileriň
arasynda berk bäsdeşlik we bazaryň öňe sürmelerini we halkara
konglomeratlarynyň bahalary sebäpli daýhanlaryň we telekeçileriň öz işini özüne
düşýän gymmaty iň ýokary derejede peseltmäge we serişdeleriň – topragyň, suwuň
we biogörnüşliligiň iň ýokary derejede könelmegine gönükdirmegi, ilkinji
nobatda, biri-biri üçin bäsdeşligi döredýär we serişdelere talaňçylykly
garamaga mejbur bolýarlar; munuň ýaly usul bilen ýetişdirilen oba hojalyk
önümiň bahasyny we satuwyny ýokarlandyrmak üçin zyýanly substansiýalaryň
ulanylmagy talap edilýär; şeýle hem, bu sebäp bilen bu önümlerden taýýarlanan
ýarym fabrikatlar we tagamlar eýýäm başga zyýanly maddalaryň ulanylmagyny talap
edýär we soňra siňdirmek üçin derman görnüşinde fermentleri we iýmit siňdirişe
gözegçilik etmek üçin dermanlary sarp etmek zerur bolýar
Köp derejede oňaýly, emma wagtyň geçmegi bilen we neoliberal herekete üýtgetmek bilen önüm görnüşinde, şeýle hem daşky gurşaw üçin az howply bolýar
Doly oňaýly, sebäbi üstünlik aşakdakylara esaslanan:
1) munuň ýaly daýhanlaryň wyždanlylygyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyna (mysal üçin, peýdaly guşlary, mör-möjekleri diňe özüňde saklamak mümkin däl,
şeýle hem suwuň umumy çeşmelerini diňe özüňde gowulandyrmak mümkin däl)
2) däp bolan maşgala gymmatlyklaryna we geljekki nesil üçin takyk serişdelere
(topraga, suwa) maýa goýmaga, ýogsa bu serişdeleri
dikeltmek we gowulandyrmak üçin onlarça ýyllary sarp etmegiň manysy ýok